TÜRKMENISTAN–PARAHATLYK MEKANY, BITARAPLYK–BAKY BAGTYŇ MUKAMY


TÜRKMENISTAN–PARAHATLYK MEKANY, BITARAPLYK–BAKY BAGTYŇ MUKAMY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda şanly Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan–parahatlyk mekany, Bitaraplyk–baky bagtyň mukamy» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde eziz Diýarymyz beýik ösüşler bilen öňe barýandygy, durmuşa geçirilýän işleriň binýadynda parahatçylygyň esaslarynyň, asylly ýörelgeleriň bardygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine eýerýän Türkmenistan, halkara jemgyýetçiligi bilen netijeli gatnaşyklary ösdürilýändigi barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.