SEBITARA GOŞULYŞMAK-ÝEWRAZIÝA GIŇIŞLIGINDE HYZMATDAŞLYGY IŞJEŇLEŞDIRMEGIŇ ESASY ŞERTI


SEBITARA GOŞULYŞMAK-ÝEWRAZIÝA GIŇIŞLIGINDE HYZMATDAŞLYGY IŞJEŇLEŞDIRMEGIŇ ESASY ŞERTI

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşdy

4-nji aprelda Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşdy.

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ösdürilýär. Bu bolsa uzak möhletli gatnaşyklar üçin esas bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köpugurly häsiýete eýedigini bellemek gerek. Ýurdumyz ÝB bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Bu düzüm bilen ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmekde netijeli gatnaşyklar alnyp barylýar. Howanyň üýtgemegi, üstaşyr ulag geçelgelerini işjeňleşdirmek, energetika, ylym-bilim, sebit howpsuzlygy, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadyr. Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän Merkezi Aziýa ýurtlary soňky ýyllarda maýa goýumlar üçin täze mümkinçilikleri döredip, daşary ykdysady gatnaşyklaryny giňeldýärler. Munuň özi sebitiň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşyp, ählumumy ykdysadyýetiň möhüm bölegine öwrülmegine ýardam berýär.

Sebitara dialogyň işjeňleşdirilmegi, bilelikdäki taslamalaryň sanynyň ýylsaýyn artmagy we taraplaryň özara gatnaşyklary giňeltmäge ygrarlylygy hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” formaty sebitiň ösüşine, Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berip, öz netijeliligini görkezdi. Merkezi Aziýa döwletleri bilen ÝB-niň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen şu gezekki sammitiň gün tertibine söwda-ykdysady, maýa goýum gatnaşyklaryny berkitmek, “ýaşyl” energetikany, “ýaşyl” ykdysadyýeti ilerletmek, ulag we sanly aragatnaşygy gowulandyrmak, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

«Türkmenistan» gazeti