BITARAPLYK ŞÖHRATYMYZ – ŞANYMYZ
Mary welaýat kitaphanasynda «Bitaraplyk şöhratymyz şanymyz» atly gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda gülleýän Watanymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy uludan tutulýar «Dünýäde BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet–bu biziň ata Watanymyz–eziz Türkmenistandyr!» diýlen nurana, buýsançly sözler bugün abadan halkymyzyň diliniň senasyna, ýürek owazyna öwrüldi diýip belläp geçdiler.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny netijeli ösdürmek döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeleriň biridir. Baky Bitaraplyk–bu biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan hem-de ynsanperwerlige wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymat bolup hyzmat edýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerinden gelip çykýan aýdyň wezipeler dünýäde ählumumy parahatçylygyň pugtalanmagynda, durnukly ösüşiň we abadançylygyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.
Goý, dünýäde hemişe parahatçylyk höküm sürsün! Parahatçylyk arkaly ösüş dabaralansyn! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!