ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY-SAGLYKDYR
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Miras» teleýaýlymy bilen bilelikde «Ýaşaýşyň gözbaşy-saglykdyr» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler ynsan saglygynyň ajaýyp durmuşymyzyň bezegidigi, ýurdumyzda döwlet derejesinde ynsan saglygy üçin edilýän beýik işler,gurulýan dürli saglyk merkezleri hem-de sport desgalary biziň saglygymyz üçin niýetlenedir diýip, aýdyp geçmek bilen, türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp tomly ensiklopedik kitaplarynda hem biziň türkmen topragymyzyň baý,derde derman ösümlikleri barada hem giňişleýin söhbet etdiler.
Çykyş edenler söhbetleriniň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.