SAGDYN DURMUŞ-BAGTYÝAR ÝAŞAÝYŞ
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Sagdyn durmuş-bagtyýar ýaşaýyş» ady bilen wagyz –nesihat çäresi geçirildi.
Wagyz nesihat çäresinde çykyş edenler: Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ynsan saglygy üçin edilýän beýik işler hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen, Aşgabat şäherimizde we her bir welaýatda täze guralan saglyk merkezleri şeýle hem dürli sport desgalary hakynda aýdyp geçdiler. Ýurdumyzda ähli alnyp barylýan işler ynsan saglygy-biziň bagtly durmuşymyzyň girewidir diýip, olar nygtap geçdiler.
Wagyz nesihat çäresiniň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, umumadamzat bähbitli beýik işleriniň mundan-buýana hem rowaç bolmagyny arzuw etdiler.