REBI GÜL ÜSTÜNDE OL PERWANALAR, NOWBAHAR PASLYNDA SABA ÝEL GÖZLÄR
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynda ýer ýüzünde ýaşaýşyň dowam etmegi üçin jemi birlikde we bitewilikde uly orny eýeleýän haýwanat dünýäsi, amatly daşky gurşawyň düzümleri, durmuşyň maddy, hojalyk, önümçilik işlerini we gözellik zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga gatnaşýan tebigatyň biologik dürlüligi, sagdyn ekologiýa medeniýeti bilen bagly milli, sebit hem-de halkara ähmiýetli şahyrana-filosofik gymmatlyklar, jemgyýetçilik baýlyklary köp duş gelýär. Şolaryň biri hem kebeleklerdir. Setirleri taryhy, edebi we durmuş mukaddesliklerine, umumyhalk dürdänelerine baý bolan dananyň hümmetli, hikmetli eserleriniň 20-den gowragynda kebelekler dünýäsiniň çeper keşbi, gözellik dörediji orny we sazlaşygy asyl we göçme manylarda biologiki, folklor durmuşynyň hem-de sufistik poeziýanyň gymmatlyklaryň biri hökmünde belentliklere galdyrylýar. Şahyryň eserlerinde kebelekleriň jadyly jemaly perwana görnüşinde has-da ýörgünli, işjeň nusgada ulanylýar. Bu ugurda dünýä edebiýatynyň ýyldyzy Magtymgulynyň ,,Köňül’’, ,,Habar ber-şeýledir’’, ,,Mütbela kyldy’’, ,,Istemen’’, ,,Güle meňzär’’, ,,Bar meniň’’, ,,Görmüşem’’ we ,,Ýanan barmy?’’ atly eserlerini çeperçilik baýlyklaryň iň görnükli nusgalary hasaplamak bolar. Eserleri döwürler, diýarlar we dünýäler bilen bagry badaşyp gelýän aryfyň ,,Rebi gül üstünde ol perwanalar, Nowbahar paslynda saba ýel gözlär’’, ,,Kebelekdir, ganaty bar, gany ýok’’, ,,Bilmen atmyş özüni yşk oduga perwana dek’’, ,,Ýanyp perwana dek her dem’’, ,,Gül ýüzüne perwana men’’, ,,Göýä ol-şem, men-perwana’’, diýen zerli setirleri kebelekleriň çeper beýany bilen baglanyşyklydyr. Umumytürki dilleriň etimologik sözlüklerinde kebelek sözine ,,näzik, ajaýyp, nepes edilen, göreçleri nurlandyrýan, ýuka, ýeňil, çalasyn hereketlenýän, hüşgär, owadan goşa ganatly hazyna’’ we ,,sünnälenen, garratmaýan iň gadyrly gözellikleriň naýbaşysy ’’ manydaky leksik galyplarda düşündiriş berilýär. Syrdam, alyslardan kokunýan, goraghana, öri meýdan, tokaý, seýilgäh, bag, ekerançylyk ýaýlalarda dürli reňkler bilen keşdelenen, desse-desse, nowça, tenekar, hoşboý ysly ösümlikleriň güllerine gonýan perwanalary görüňde göwünler açylýar, kalplar ylhamlanýar, päkize arzuwlar joşýar, dury duýgular hyjuwlanýar, bedeniň iň gyzgyn synasy bolan kuwwatly ýürekler lezzet tapýar, argynlyk aýrylýar, paýhas gurplanýar, dideler şöwketlenýär, teşnelik ganýar, döredijilikli pikirleriň täze-täze hatarlary emele gelýär. Dünýä halklarynyň dokmaçylyk senetleriniň köpsanly nusgalarynda, sungat eserlerinde, amaly-haşam, haly, zergärçilik işlerinde, etnografik we milli çeper halk döredijilik, senagat, dizaýn önümleriniň görnüşlerinde, bezeglerinde kebelek nyşanly, keşpli gymmatlyklar, nagyşlar, eserler köp duş gelýär. Folklor durmuşy bilen bagly şahyryň zynatly şygyrlarynda perwanalar hakykata ymtylyşyň hemrasy, bagtly pursatlaryň çapary, göwün küýseginiň keremi, medetkär mukaddeslikleriň zümerreti, zenan gözelligine yzzat, ülpet bolan hurşydy münewwer hökmünde arşa galdyrylýar. Ussadyň sufistik poeziýa bilen bagly tylla setirlerinde kebelek gülüň yşkynyň wagyzçysyny, süýjülik kerweniniň şamçyragyny, dürli reňkli we ysly gülleriň mähriban sakçysyny, baglaryň hyrkaly we halykly gülleriniň lagl zülpleriniň wepaly syrdaşlygyny, yşky ahwal bilen dilberiň didaryna yhlasly çemeleşmegi, kämilligiň salgymyna joşgun bilen ümüzlemegi, hozanak bolmagy, hakykat gerşlerinden aşmagy aňladýan çeper pikirler görnüşde söýgetlenýär. Perwanalar biologik taýdan teňňeganatlylar, deňganatlylar we dürli ganatlylar maşgalasyna bölünýärler. Tebigaty boýunça kebelekler ýaşaýan ýerine çalt uýgunlaşýarlar we olaryň her bir görnüşi ganatlarynda göze görünýän we göze görünmeýän ýedi dürli reňkler bilen örtülen, jäheklenilen, seçeklenen ýaly tegmilleriň, menekleriň yzlaryny özlerinde saklaýarlar. Kebelekler özleriniň esasy iýmit gory bolan ösümlikleriň gülleriniň nektar gerdejikleri, dykyz, şerbetli dokumalary, şireli tohumlyk ülüşleri, miweleriň tozgalary, suwuk häsiýetli ýokumly erginleri, ary balynyň mumlary bilen iýmitlenýärler. Käbir kebelekleriň görnüşleri ýumurtgalamak, ýazlaga çykmak we güýzemek möwsümiň amatly merkezleri üçin 4 müň kilometre golaý ýol menzillerini süri bolup geçip bilýärler. Kebelekleriň dynç alýan wagtlary ganatlary ýapyk bolýar. Kebelekler reňkleriniň köpdürliligi, dürli öwüşginliligi, san taýdan artykmaçlygy, gijeki ýaşaýyş işjeňligi, köpelişi boýunça mör-möjekleriň arasynda ilkinji basgançagy eýeleýärler. Kebelekleriň dilleri boýlaryndan uzyn bolýar. Bu tebygy ýaradylyş perwanalaryň gülleriň düýbündäki nektary sormak, çekip almak, iýmitlenmek, köpeltmek üçin kuwwatly serişde bolup hyzmat edýär. Kebelekler bedeniniň gyzgynlygynyň derejesi 28 gradusdan pes bolsa uçup bilmeýärler. Mähriban watanymyzda kebelekleriň 500-den gowrak topary, 57 maşgalany öz içine alýan 2000-e golaý görnüşi duş gelýär. Bu biologik köpdürliligiň artykmaçlygy bolsa yklym sebitleriniň arasynda ýaşaýyşyň ähli gymmatlyklary boýunça türkmen tebygatynyň ekologik taýdan arassalygyny, sagdyndygyny, durnuklydygyny, amatlydygyny, daşky gurşawynyň abadançylygyny, gözelliklere baýlygyny, ýaşaýyşyň ähli düzümleri üçin rowaçlygyny aýdyň dabaralandyrýar. Gülleýän ösümlikleriň möwsümleýin açylmagy we miwelemegi hem-de bol hasyl getirmegi üçin ähli jandarlaryň içinde ilkinji bolup uly hyzmaty ýerine ýetirýän kebelekleriň 50-ä golaý görnüşleri Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna, Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň (TGHB) Gyzyl kitabyna aýratyn gymmatly, ýitip ýok bolup barýan tebygy gymmatlyklaryň biri hökmünde girizildi. Zeminde iň owadan perwanalar çypar we tawus gözli diýlip atlandyrylýan görnüşli kebelekler hasap edilýär. Kebelekler hem guşlar ýaly süri bolup ýaşaýarlar. Olaryň adaty görnüşleriniň ganatlarynyň ýazgyn haldaky gabarasy, müçesiniň ölçegleri 6 millimetrden 3 santimetre ýetýän görnüşleri tebygatda has-da köp duş gelýärler. Kebelekleri öwrenýän ylma ,,lepidopterologiýa’’ diýilýär. Kebelekler öz agramynyň 7 essesine barabar ýüki daşap bilýärler we her günde 12 kilometre golaý menzili süri bolup aşmaga gurby ýetýärler. Tebygatda yklymlaryň ýerleşişine görä perwanalaryň birnäçe gün, hepdelik, möwsümleýin bel¬li bir se¬bit¬de birnäçe aýlar ýa¬şa¬ýan, göçýän, syýahat döwründe azaşmaýan, köp nesilleýän, ýüpek üçin idedilýän we uzak ýyllar ýaşaýan görnüşleri giňden ýaýrandyr. Halklaryň durmuşynda kebelekler rahatlygyň, sadalygyň, arassalygyň, erkinligiň, rehimdarlygyň, täzelenişiň we galkynyşyň nyşany hökmünde ulanylýar. Gündogar sebitlerinde kebelekleriň dürli görnüşleriniň köpçülikleýin nika uçuşlary tomus paslynyň ahyrlarynda bolup geçýär. Kebelek görnüşlerine göra bir möwsümde 100-den müňe golaý sanda ýumurtgalaýarlar. Perwanalar ösüş döwründe ýumurtgadan gurçuga, gurçukdan gurjaga, ondan soň kebelege öwrülmek tapgyryny başdan geçirýärler. Bu jandarlaryň urugy iň çylşyrymly ses tolkunlaryny, hereketleri iň duýgur, uzakdan çalt ys alyjy agzalary olaryň nazik gözi, çepiksizje hortum synalary, aýagy, eňek bogunlary bolup durýar we olar alty müň bölejikli synalardan düzülýärler. Kebelekleriň uçuş tizligi asuda, mylaýym howa gurşawynda günde sagatda 8 kilometrden 31 kilometre çenli ýetip bilýär. Deňiz derejesinden 1800-5000 metr aralyklardaky belentliklerde duş gelýän perwana sürüleri ýylylygyň durnukly howa çäklerinde ini 110-220 metr, boýy bir kilometr çenli uzaýan gülleriň çemenli hatarlarynda 12-28 minut aralygynda saklanyp gaýtadan täze menzillere göçýärler. Bir kebelegiň agramy gurap barýan bägülüň 2 sany gül ýapragynyň jemi agramyna barabardyr. Kebelekler diňe tundra, artiki yklymlarda duş gelmeýär. Perwanalar erbet yslaryň, emeli atyrlaryň sepilen, emele gelen, köreýän ojaklaryny, turşy, ajy, duzly, serhoş ediji, isrip edilen, zäherli mekanlary uzaklardan bilýärler we ol ýerlere barmaýarlar. Kebelekler maşgalasy gyrmyzy, zagpyran , ýaşyl reňkleri has-da gowy saýgarýarlar . Kebelekleriň ýene-de bir täsin aýratynlygy olaryň gan damarlarynyň ýokdugydyr. Älemgoşar kysmy perwanalaryň dynç alýan wagtlary ganatlary ýapyk bolýar. Perwanalaryň işewür hereketleri gije dowamly bolýar. Kepelekleriň köpeliş döwrüne gow çalyşma diýilýär. Her ýylyň 4-nji apreli ekologik senenamada entomologlar (möwsümleýin kebelekleri öwreniji hünärmenler) we lepidopterologlar (kebelekleri ylmy tarapdan öwrenijiler alymlar, bilermenler) tarapyndan kebelekleriň yklymlaryň dürli guşaklyklaryna aralaşmagynyň bütündünýä güni, 19-njy iýuny bolsa perwanalaryň halkara güni hökmünde bellenilip geçilýär. Perwanalary gözellik, gadyrdanlyk, gaýratlylyk, göwherli genç, gözgi hökmünde mertebelän şahyryň gurbatly setirleriniň zenanlaryň belent ahlagy, kemally yşky, muhabbetli sarpasy, wepaly söýgüsi, hünär ukyplary, jadyly, zybaly ylhamy bilen gül jübütliginde mukaddeslik suprasynda sazlaşmagy aýratyn guwandyryjydyr.