SAGDYN JEMGYÝET–BEÝIK GELJEK


SAGDYN JEMGYÝET–BEÝIK GELJEK

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Aşgabat köpugurly» stadionynyň bilelikde guramagynda «Sagdyn jemgyýet–beýik geljek» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde ýurdumyzyň iň gymmatly hazynasy bolan adamyň saglygyny gorap saklamak, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmak döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de adamyň okamagy, zähmet çekmegi üçin saglygyň zerurdygyny we jany sag adam zähmet çekmäge, oýlanmaga, jemgyýetde öz ornuny tapmaga, il-gün üçin peýdaly işleri ýerine ýetirmäge ukyplydygy barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzy nurana geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.