BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNI-BELENT YNSANPERWER ÝÖRELGELERI DABARALANDYRÝAN BAÝRAM


BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNI-BELENT YNSANPERWER ÝÖRELGELERI DABARALANDYRÝAN BAÝRAM

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

7-nji aprelda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä bileleşigi bilen bilelikde Bütindünýä saglyk gününi giňden baýram etdi. Baýramçylyk mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şanly baýramlaryň milli senenamasynda mynasyp orun alan we täze mazmun bilen baýlaşdyrylýan Bütindünýä saglyk güni türkmenistanlylaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezmek bilen, olary täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän durmuş ugurly döwlet syýasatynyň oňyn netijesidir. Halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek bu syýasatyň ileri tutulýan wezipesidir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş, sport hereketini höweslendirmäge möhüm ähmiýet berilýär. Saglygyň we sportuň biri-biri bilen berk baglanyşykly düşünjeler hökmünde kabul edilmegi munuň şeýlediginiň aýdyň güwäsidir. Bedenterbiýe, sport bilen yzygiderli meşgullanýan döwlet Baştutanymyz dürli sport çärelerine gatnaşyp, hemmelere görelde bolýar. Mälim bolşy ýaly, şeýle çäreleri guramak başlangyjy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň bu asylly başlangyjy Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär.

Ine, şu gün hem hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Ýöriş Aşgabadyň günorta böleginde-Köpetdagyň ajaýyp dag etegi boýunça uzaýan Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinde badalga aldy. Aşgabadyň we onuň töwerekleriniň tebigy gözelliklerini gorap saklamak babatda alnyp barylýan netijeli işler esasynda bu ajaýyp künjekde jana şypaly howa gurşawy emele geldi. Munuň özi bu özboluşly pyýada ýodasyny paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň hem-de myhmanlarynyň işjeň dynç almak üçin iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwürdi.

«Türkmenistan» gazeti