BITARAPLYK, PARAHATLYK YKRARY


BITARAPLYK, PARAHATLYK YKRARY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde «Hünärim ykbalym» atly söhbetdeşligi ýazgy etdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy atly Kararnamanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlar tarapyndan üçünji gezek biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli täsirli söhbetler edildi. Kitaphanamyzda döredilen «Bitaraplyk bagtymyz» atly kitap burçy we onda ýerleşdirilen kitaplaryň many-mazmun baýlygy hakynda hem söhbetler edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar Baky Bitaraplygymyzyň mizemez binýadyny düýpli berkidýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlary beýan etdiler.