HALKARA BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJILERINIŇ KONSERTI


HALKARA BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJILERINIŇ KONSERTI

Ýakynda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen “ Halk saz gurallarynda” ýerine ýetirijileriň arasynda “FOLK-ART” atly II halkara bäsleşiginiň ýeňijileriniň konserti geçirildi.

Konsertde “Halk saz gurallary” kafedrasynyň mugallymy Ýakupmyrat Sytdyhowyň talyplary “Baş baýragyň” eýesi III ýyl talyp Muhammet Saparjanow we I derejeli diplomyň eýesi IV ýyl talyp Babageldi Supanow öz ussatlyk başarnyklary bilen çykyş etdiler.

Konsertiň başynda I derejeli diplomyň eýesi IV ýyl talyp Babageldi Supanow daşary ýurt kompozitorlarynyň eserleri bolan Andreý Byzowyň “Şa Ştil”, Tofig Bakyhanowyň “Konsert” eseriniň I bölümini, Mustafo Bafoýewiň “Poema” eserini hem-de Hasan Rzaýewiň “Çargah rapsodiýasy” eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.Bu eserler tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy we gyzgyn elçarpyşmalara mynasyp boldy.

Soňra geçirilen Halkara bäsleşigiň “Baş baýragyň” eýesi bolan III ýyl talyp Muhammet Saparjanow dost-doganlyk eserleri bolan Süleýman Aleskerowyň “Daýymyhereket”, Wittorio Montiniň meşhur “Çardaş” eserlerini örän täsirli ýerine ýetirdi.Bu eserleri tiz depginde ussatlyk bilen tomaşaçylara ýetirdi we şowhunly elçarpyşmalara mynasyp boldy. Täsirli çykyşlardan soňra türkmen kompozitory Baýramdurdy Hudaýnazarowyň “Konserino-gazal” eserini ussatlyk ýerine ýetirdi.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen “ Halk saz gurallarynda” ýerine ýetirijileriň arasynda “FOLK-ART” atly II halkara bäsleşiginiň ýeňijileriniň konsertininiň jemini “Baş baýragyň” eýesi Muhammet Saparjanow A. Sygankowyň plektr tar üçin täzeden işlemeginde “Ýewreý heňleri” eseri bilen jemledi. Bu jemleýji çykyş bolup, tomaşaçylarda has-da uly täsir galdyrdy we olaryň gyzgyn elçarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Konsertiň dowamynda konsertmeýster Maýagözel Nazarowa talyplara ussatlyk bilen sazandarlyk etdi. Konsert tamamlanandan soňra “Halk saz gurallary” kafedrasynyň mugallymlary hem-de çykyş eden Halkara bäsleşiginiň Laureat talyplary bilelikde ýadygärlik surata düşdiler.



Osman SAPARGELDIÝEW



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Halk sazy” fakultetiniň IV ýyl talyby