SAGLYGYM-BAŞ BAÝLYGYM
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasy «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda bellenilen meýilnama esasynda Bütindünýä saglyk günine bagyşlap «Saglygym-Baş baýlygym!» ady bilen kitap sergisi we söhbetdeşlik geçirildi. Bu sergi esasan hem talyp ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi. Çärämiziň başynda kitaphana hünärmenleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Bütindünýä saglyk güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun eýeleýär. Şonuň üçin-de dünýä bileleşigi bilen birlikde, eziz Diýarymyzda ýaz paslynyň jana şypaly günlerinde bu halkara baýram ýokary ruhubelentlikde, giňden bellenilýär» diýen parasatly jümlelerini buýsanç bilen belläp geçdiler. Dogrudanam ýaz paslynda bellenilýän bu baýramçylyk hemme adamlarda uly ruhybelentlik döretýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem tutuş jemgyýetimiz üçin hem uly gymmatlykdyr. Saglykly bolmak üçin sport bilen meşgullanmak örän ähmiýetlidir. Ýurdumyzda sportyň dürli ugurlary bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler we şertler döredilendir.
Halkymyzyň abadan durmuşy baradaky hemmetaraplaýyn alada Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutylýan ugrudyr. Şunda ilatyň saglygyny goramaga, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy wagyz-nesihat etmäge aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň saglygy ugrunda başyny başlan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýanyň netijesinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde munuň üçin ähli şertler döredilýär. Bedenterbiýe sporty saglygy berkitmegiň, beden we ruhy taýda öz-özüňi kämilleşdirmegiň ýoludyr. Hormatly Prezidentimiziň şeýle sport çärelerine gatnaşmagy olaryň ähmiýetini has-da artdyrýar. Sport bilen bagly meseleler ýurdumyzyň hemişe üns merkezinde saklanylýar. «Saglyk» döwlet maksatnamasy esasynda ýurdumyzyň çäkleri howply ýokanç kesellerden goramak, ilatymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, sagdyn iýmitlenmek, zyýanly endikleri aradan aýyrmak boýunça ulgamlaýyn işler üstünlikli alnyp barylýar.
Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň ynsan saglygy barada ýazan kitaplaryndan pikir alyşdylar.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň saglygy ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar.