BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNI
Her ýylyň 7-nji aprelinde, asylly däbe görä, Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän dürli baýramçylyk çäreleri geçirilýär. Şu gün Türkmenistanda asylly däbe görä Bütindünýä Saglyk güni bellenildi. Milli senenamamyzda orun alan bu halkara çärä bagyşlanyp, ir säher bilen Arkadag şäherinde hem köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi.
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli kitaphanaçy işgärleriň arasynda ýowar geçirildi.
Täze taryhy döwürde Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ekologik abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda ýurdumyzdaky tokaý zolaklarynyň çäkleriniň giňeldilmegine, onuň tebigatynyň biologik köpdürliliginiň goralyp saklanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Döwletimiz tarapyndan amala aşyrylýan ekologiýa syýasaty geljek nesiller üçin durnukly, arassa tebigy gurşawy döretmegi maksat edinýär. Ähli halk bag ekmek çäresi şeýle asylly maksatlary ilerletmäge hem-de jemgyýetimizde ekologik medeniýeti kemala getirmäge ýardam berýär.
Biz hem eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmekde, baky berkarar döwletimiziň tebigatyny has-da gözelleşdirmekde we baýlaşdyrmakda yhlasly zähmet çekýäris. Ajaýyp bagy-bossanlygy, ýaşyl gurşawy döretmek bilen, biz özümiziň abadan durmuşymyzy, gözel ýaşaýyşymyzy üpjün edýäris. Şular ýaly ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun.