SUNGATA SARPALY ŞAHYR


SUNGATA SARPALY ŞAHYR

«Ylham» medeni-seýilgäh toplumynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy, «Miras» teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Gara Seýitliýewiň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanyp «Sungata sarpaly şahyr» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeni-mirasymyza sarpa goýmak, medeniýetimizi ösdürmek babatdaky nusgalyk işleri netijesinde milli medeniýetimiziň barha baýlaşmagy, dünýä derejesine çykmagy üçin ussat şahyrymyz Gara Seýitliýew ýaly elinde baryny gaýgyrmadyk edebiýat we sungat ussatlaryna goýulýan sylag has-da artýar. Munuň özi biziň milli medeniýetimize, edebiýatymyza söýgümizi, şanly pederlerimizi Watanmyzyň gülläp ösmegi ugrundaky bitiren hyzmatlaryna hormatymyzy goşalandyrýar. Çünki olaryň bize galdyran mirasy ýaş nesilleri parasatly atalarymyzyň ruhuna ygrarly edip terbiýelemäge hyzmat edýär diýip, uly buýsanç bilen nygtadylar.

Söhbetleriniň ahyrynda çykyş edenler halkymyza bagtyýar durmuşy peşgeş edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw etdiler.