TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ ARKADAG ŞÄHERINE IŞ SAPARYNY AMALA AŞYRDY


TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ ARKADAG ŞÄHERINE IŞ SAPARYNY AMALA AŞYRDY

9-njy aprelda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen şäherde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Milli Liderimiziň yzygiderli tagallasyndan binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda işler häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäherine barýan ýollaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, ýol ýakalarynda oturdylmagy meýilleşdirilýän heýkelleriň, bezeg serişdeleriniň görnüşlerini kesgitlemek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň sazlaşykly ösüşinde we ony abadanlaşdyrmakda möhüm ähmiýeti bolan işler barada giňişleýin maglumat berýän birnäçe şekil taslamalary bilen tanyşdy. Bu ýerde “Ahalteke atlary” şaýolunyň ugrunda oturdylmagy meýilleşdirilýän bedewleriň şekilleri görkezildi. Şekil taslamalary barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hasabat berdi. Häzirki zaman talaplaryna laýyklykda abadanlaşdyrylýan şaýoluň ugrunda ady rowaýata öwrülen bedewleriň heýkelleri oturdylar. Olary döwrebap binagärlik çözgütlerini özünde jemleýän binýatlaryň üstünde oturtmak meýilleşdirilýär. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, heýkeliň binýadynda bedewleriň taryhyna, gelip çykyşyna degişli ýazgylar ýerleşdiriler.

«Türkmenistan» gazeti