KITAP–DÜNÝÄNIŇ AÇARY
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Altyn asyr» :Türkmenistan teleýaýlymy bilen bilelikde «Kitap–dünýäniň açary» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler: Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ýurdumyzda ýaşlar döwlet syýasatyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz-nesihat etmekde we ony üstünlikli durmuşa geçirmekde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasa, baý many-mazmuna ýugrulan ajaýyp kitaplary, gymmatly gollanmadyr, ylym-bilim, edep-terbiýe, babatda görelde mekdebidir» diýen, parasatly jümlelerinden ugur alyp, kitaphon jemgyýeti döretmek şeýle-de ýaşlaryň kitaba bolan söýgüsini we gyzyklanmalaryny has-da artdyrmak esasy maksadymyz bolup durýar diýip çykyş etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.