KITAP–RUHY BAÝLYGYŇ ÇEŞMESI
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Arkadag şäher birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda «Kitap–ruhy baýlygyň çeşmesi» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Diýarymyzda ýaşlaryň kämil bilim almagy, kitaplar dünýäsine aralaşmagy üçin giň şertler döredilýär. Döwrebap tilsimatlar esasynda gurulýan okuw merkezlerinde, umumy bilim berýän mekdeplerde şeýle-de ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde, edara-kärhanalarda kitap gory ýeterlik bolan kitaphanalar hereket edýär. Häzirki zaman innowasion tehnologiýalarynyň ösmegi bilen, islendik kitaby diňe okamak däl, eýsem diňlemek mümkinçiligi hem döredi. Türkmen kitap söýüjileri üçin internet ulgamy hem-de sanly tehnologiýalaryň üsti bilen elektron kitaplary okamak we diňlemek usullary üstünlikli amala aşyrylýanlygy barada giňişleýin söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ruhy baýlygymyz bolan gymmatly eserleri okamaga, öwrenmäge, giň okyjylara ýetirmäge uly mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.