SPORT-GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGLYK WE BELENT RUH


SPORT-GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGLYK WE BELENT RUH

Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 84-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitaphanaara abonement bölümi hem-de Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümi, «Türkmenistan Sport» teleýaýlymy bilen bilelikde «Sport-güýç, gözellik, saglyk we belent ruh» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň dostlugy, parahatçylygy we sagdynlygy wagyz edýän kitaplaryndan çykyş etdiler. Giň gerime eýe bolan bu çäreler, nurana ertirimiziň eýeleri bolan ýaşlarymyzyň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmakda uly ähmiýete eýedir. Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän gymmatlykdyr. Türkmenistanda bu ulgamy ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň kämilleşmegi adamyň kuwwatynyň maddy we ruhy taýdan sazlaşykly utgaşmagy netijesinde sagdyn durmuş ýörelgelerine eýe bolmagy, şeýle-de sport boýunça halkara hyzmatdaşlygyň has-da giňelmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny, bedenterbiýäni we sporty ösdürip, dünýä derejeli sport döwleti hökmünde ata Watanmyzyň halkara abraýyny belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.