«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi»


«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi»



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat – çaphana orta hünär okuw mekdebinde hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan wagyz-nesihat çäresini geçirdi.
Milli Liderimiziň umumadamzat gymmatlyklaryna barabar bolan bu durmuşy kitabynda şöhratly geçmişimiz bilen ösüşlere beslenýän häzirki döwrümiziň bitewüligi we sazlaşygy bar. «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabyndaky çuňňur manyly pikirler, milliligimizden ugur alyp, ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri esasynda ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.
Dabarada çykyş edenler dürdäne setirleri öz içine alýan bu gymmatly kitabyň mazmuny, buýsançly sözleri, döwletliligiň kada-kanunlaryny wagyz edýän setirleri, pähim paýhasly türkmene mahsus aýratynlyklary halkymyza ündeýän şahyrana jümleleri özüne jemleýändigi barada täsirli gürrüňleri berdiler.