KAMATYNA ÄLEM HAÝRAN BEDEWIŇ
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Oba hojalyk edebiýatlary hem-de Medeni-köpçülik işleri bölümi «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmen bedewiniň milli baýramyna «Kamatyna älem haýran bedewiň» ady bilen baýramçylyk dabarasyny geçirdi.
Bu baýramçylyk dabarasynda çykyş eden, Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky Atçylyk Akademiýasyndan gelen myhmanlarymyz, ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny tutuş dünýä belli edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sap ganly ahalteke bedewlerini gorap saklamak, olary köpeltmek, seýislemek we atçylyk sportuny ösdürmekde edýän taýsyz tagallalary barada giňişleýin gürrüňleri berdiler.
Bizi şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.