MAGTYMGULY PYRAGY–AGZYBIRLIK WE WATANSÖÝÜJILIK MEKDEBI
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Magtymguly Pyragy–agzybirlik we watansöýüjilik mekdebi» ady bilen wagyz-nesihat çäre geçirildi.
Çärede çykyş edenler ynsanyň aňyýetiniň kämilleşmeginde örän uly hyzmatlary bitiren, watançylyk ruhly söz gudratyny döreden akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary, ili agzybirlige, watansöýüjilige çagyrýan öwüt-ündew häsiýetli şygyrlarynyň her bir setiri çuň mana ýugrulandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy geljek nesillere baý edebi miras galdyrandygy, onuň döredijiligi edebiýat meýdanynda ençeme şahyrlar, şol sanda edebiýat bilen meşgullanýan türkmen ýaşlary üçin hem uly döredijilik mekdebine öwrülendigi barada giňişleýin beýan etdiler.
Çäräniň ahyrynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň baý döredijilik mirasyna hormat goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
