AT GAZANAN GOÇ ÝIGIDIŇ OWAL BEDEW ATY GEREK


AT GAZANAN GOÇ ÝIGIDIŇ OWAL BEDEW ATY GEREK

Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän dürli dabaralardyr hem-de çäreler behişdi bedewlerimiziň hormatyna bagyşlanýar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda halypa mugallymlaryň gatnaşmagynda «At gazanan goç ýigidiň owal bedew aty gerek» atly «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi.