TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGY ÖSÜŞIŇ TÄZE DEREJESINE ÇYKÝAR
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Tokioda ýokary derejeli gepleşikleri we duşuşyklary geçirdi
15-nji aprelda Ýaponiýada saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Imperator Naruhito, Premýer-ministr Sigeru Isiba, şeýle hem Ýaponiýanyň işewür we ylym-bilim jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşdy.
Ozal habar berlişi ýaly, Ýaponiýa saparynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisine bardy we Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşdy. Şeýle hem düýn hormatly Prezidentimiz Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.
...Ir bilen döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni Ýaponiýanyň Imperatorynyň köşgüne geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Imperator Naruhito bilen duşuşdy.
Onuň Alyjenaby Imperator belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, häzirki wagtda iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşiň täze derejesine çykandygyny aýtdy hem-de hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa ilkinji saparynyň ähmiýetini belledi. Şeýle-de ýapon Imperatory döwlet Baştutanymyzy «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň geçirilmegi bilen gutlady we bu waka mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesine ünsi çekdi. Onuň Alyjenaby Naruhito ýurdumyzyň bu sergä gatnaşmagynyň onuň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerine şaýatlyk edýändigini aýtdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz hoşniýetli sözler we bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Imperator Naruhitony «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň açylmagy bilen gutlady. Hormatly Prezidentimiz şu günki duşuşygyň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmekde täze tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň iberen salamyny ýetirdi.
Imperator Naruhito ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly şahsy goşandyny belläp, mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
«Türkmenistan» gazeti