DÄBE ÖWRÜLEN HEPDELIK
Professional aýdym-sazyň ojagy bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hereket edýän ähli kafedralarda her ýyl hepdelik geçirmek indi däbe öwrüldi. Hepdelikde dürli mazmunly çäreler ýagny, açyk sapaklar, ýubileý dabaralary, konsertler, döredijilik duşuşyklary, sergiler, bäsleşikler, leksiýa-konsertler, tegelek stollar, ylmy-amaly maslahatlar, bäsleşikler öz beýanyny tapýar.
Aprel aýynyň 14-19-y aralygy geçiriljek “Sazyň taryhy” kafedrasynyň hepdeliginde birnäçe gyzykly çäreler göz öňünde tutulan. Olar “Türki dilli halklaryň milli saz gurallary” atly atlasyň tanyşdyrylyş dabarasy, W.A. Uspenskiniň Türkmenistana ylmy saparynyň 100 ýyllygyna bagyşlan “Sazşynaslaryň saparlarynyň türkmen medeniýetini öwrenmekdäki ähmiýeti” atly döwlet derejesinde geçiriljek ylmy-amaly maslahat, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly mynasybetli “Sungatda we çeper döredijilikde ýaşlaryň ylmy gözlegleri” atly ylmy-amaly maslahat, Ç. Nurymowyň 85 ýyllygyna bagyşlanan leksiýa, “Karl Orfyň sazly teatry” we “Gitaranyň taryhy we tejribesi” atly açyk sapaklar, “Saz sungatynda klassyky we romantiki däpler” atly tema boýunça tegelek stol, Sazşynas talyplaryň arasynda XX asyryň rus sazşynaslaryň işlerinden terjime etmek boýunça bäsleşik ýaly gyzykly çärelerdir.

Hepdelik “Sazyň taryhy” kafedrasynyň müdiri B.Ýakubowanyň gurnamagynda “Türki dilli halklaryň milli saz gurallary” atly atlasyň tanyşdyrylyş dabarasy bilen açyldy. Ýaş sazşynas talyplar 6 sany türki dilli döwletiň ýagny, Azarbaýjanyň, Türkiýeniň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň milli saz gurallarynyň taryhy beýan edýän neşir bilen giňişleýin tanyş boldular we özleriniň gyzyklanýan soraglaryna jogap aldylar.
Meýilnama boýunça geçiriljek çäreleriň ählisiniň gyzykly we täsirli geçmegi üçin “Sazyň taryhy” kafedrasynyň agzybir mugallymlary bilen bir hatarda sazşynas talyp ýaşlar hem doly taýýarlyklaryny gördüler. Professional aýdym-saz sungaty bilen içgin gyzyklanýan raýatlarymyzy we şol ugurda zähmet çekýän we okaýan ildeşlerimizi “Sazyň taryhy” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde geçiriljek çärelere gatnaşmaga çagyrýarys!