KITAPHANA ROWAÇLYGA BADALGA


KITAPHANA ROWAÇLYGA BADALGA

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda talyp ýaşlaryň kitaba bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen «Kitaphana rowaçlyga badalga» atly gurnak geçirildi.

Gurnaga gatnaşyjy talyp ýaşlara Kitap saklamak bölüminde kitaphananyň gaznasy, ondaky edebiýatlaryň ýerleşdiriliş düzgünleri hakynda, bölümde okyjylardan gelýän talaplara görä kitap bermek hyzmatlaryny ýerine ýetirýändikleri barada maglumat berdiler. Umuman bölümiň alyp barýan işleri bilen gurnaga gatnaşyjylary giňişleýin tanyşdyrdylar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, ýaş nesilleri ylymly-bilimli, hünärli edip ýetişdirmek, olaryň dünýä ylymlaryna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmak Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy üns merkezine öwrüldi. «Türkmenistanda kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzyň kitaphanalarynyň işlerini kämilleşdirmek, kitaphana işinde täze özgertmeleri durmuşa geçirmek bu ugurda zähmet çekýän her bir kitaphana işgärleriniň öňünde uly borç bolup durýar.

Soňra bolsa gurnaga gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.