BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY DÖWRÜNDE KITAPHANA IŞI ROWAÇ ALÝAR
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Altyn asyr”:Türkmenistan teleýaýlymy bilen bilelikde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kitaphana işi rowaç alýar” atly söhbetdeşlik ýazgy edildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler: Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy” barada şeýle hem ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň öňünde durýan borçlar we wezipeler barada söhbet etmek bilen, hormatly Prezidentimiziň täze Döwlet Maksatnamasyndan gelip çykýan netijeler, ýurdumyzyň milli kitaphana ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek,okyjylara döwrebap hyzmat etmek, kitaphana işine innowasion ösüşleri ornaşdyrmak, merkezi kitaphanalarda döredilen bitewi elektron kitaphana ulgamyny has hem kämilleşdirmek barada giňişleýin durup geçdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.