ÝAŞ NESLIŇ SAGLYGYNY GORAMAK WE BAGTYÝAR DURMUŞYNY ÜPJÜN ETMEK-ILERI TUTULÝAN WEZIPE


ÝAŞ NESLIŇ SAGLYGYNY GORAMAK WE BAGTYÝAR DURMUŞYNY ÜPJÜN ETMEK-ILERI TUTULÝAN WEZIPE

16-njy aprelda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Gahryman Arkadagymyzyň gaznanyň ştab-kwartirasynda geçiren iş maslahatynda beren tabşyryklaryndan ugur alyp, Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti welaýatyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda, köpugurly hassahanasynda, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde çagalaryň saglygyny dikeltmek hem-de olara degişli derejede bilim bermek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Häzirki döwürde lukman Arkadagymyzyň milli saglygy goraýyş ulgamynda başyny başlan giň möçberli özgertmeleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň sagdyn ösmeklerine, olaryň bilim-terbiýeli bolmagyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Şunda mümkinçiligi çäkli çagalaryň saglygyny dikeltmek meseleleri hem döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna möhüm ornuň degişlidigini bellemek gerek. Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa, ilki bilen, Ahal welaýatynyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň işi bilen tanyşdy.

«Türkmenistan» gazeti