TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
17-nji aprelda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Ilçi bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Saud Arabystanynda Türkmenistanyň dürli ugurlarda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Patyşa Salman ben Abdelaziz Al Saudyň we Mirasdüşer Şazada, Premýer-ministr Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saudyň döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle-de diplomat hormatly Prezidentimizi Ýaponiýa saparynyň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet Baştutanymyz ilçini mähirli mübärekläp, ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda alyp barjak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň ýokary wezipeli ýolbaşçylaryna hem iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Saud Arabystany Patyşalygy bilen däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň we ýakyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Türkmen-saud hyzmatdaşlygy dostlugyň, ynanyşmagyň, birek-birege hormat goýmagyň we deňhukuklylygyň nusgasy bolup durýar. Ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki başlangyçlaryny we tekliplerini işjeň goldaýandygy üçin saud tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
«Türkmenistan» gazeti