GADAMY BATLY BEDEW
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Türkmenistan» teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlap «Gadamy batly bedew» atly duşuşyk geçirdi. Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «At-da wepada bar, sapada» atly ajaýyp kitaplarynda halkymyzyň gadymdan gelýän seýisçilik we atşynaslyk sungatynyň şöhratyny beýgeltmekde uly ähmiýete eýedigi hakynda hem buýsançly gürrüňler edildi. Ýurdumyzda halkara atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy Meşhur Akhan bedewiniň Ginnesiň rekordlar kitabyndan mynasyp orun almagy barada hem täsirli gürrüňler edildi. «Görogly» şadessanynda bedewlere goýulýan sarpany has-da aýdyň duýmak bolýar. Onda bedewe «Saňa at diýmerin, gardaş diýerin» diýip aýdylmagy, atyň gardaşa deňelmegi barada aýratyn gürrüňler edildi.
Ýurdumyzy bedew bady bilen ösüşüň täze belentliklerine tarap diňe öňe barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.