TÜRKMEN AÝDYM-SAZ SUNGATYNYŇ ÖWRENILIŞ TARYHY


TÜRKMEN AÝDYM-SAZ SUNGATYNYŇ ÖWRENILIŞ TARYHY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlara bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmak, olaryň geljekde öz hünärlerinden ýokary derejede baş çykaryp bilýän hünärmenler bolup ýetişmegi üçin Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçiliklerinden ugur alyp, birnäçe işler ýerine ýetirilýär. 2025-nji ýylyň 15-nji aprelinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda geçirilen “Sazşynasyň saparlarynyň türkmen medeniýetini öwrenmekdäki ähmiýeti” (W.A.Uspenskiniň Türkmenistana ylmy saparynyň 100 ýyllygyna bagyşlanýar) atly ylmy-amaly maslahaty hem maksatnama laýyklykda alnyp barylýan döwrebap işleriň biridir. Ylmy-amaly maslahat türkmen aýdym-saz sungatyny professional derejede ilkinji öwrenijileriň biri bolup, birnäçe işleri bitiren alym W.A.Uspenskiniň ylmy saparynyň 100 ýyllygyna bagyşlanmagy hem aýratyn bellärliklidir.

Müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy täze nazaryýet esasynda düýpli öwrenmek hem-de ylmy taýdan beýan etmek maksady bilen geçirilen bu ylmy-amaly maslahata konserwatoriýanyň halypa mugallymlary bilen birlikde birnäçe beýleki okuw mekdepleriň hem mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. Olaryň arasyndan Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Sähragül Janmämmedowa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň “Türkmen edebiýaty” kafedrasynyň müdiri Aýgül Gurbanowa, şol ýokary okuw mekdebiniň “Rus dili” kafedrasynyň müdiri Jeren Ilamanowa, Türkmen Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy Maýa Utomyşewa we beýlekiler bar. Maslahata gatnaşan bu myhmanlaryň ylmy çykyşlary dürli mazmunlary, täsirli beýan edilişleri bilen bu ýere ýygnananlaryň ünsüni çekdi.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler türkmen medeniýetini we sungatyny ylmy derejelerde öwrenmek bilen bagly häzirki wagta çenli ýerine ýetirilen işler dogrusynda, ussat saz öwreniji alym W.Uspenskiniň bu ugurda bitiren ylmy gözlegleriniň netijesi hakynda gyzykly maglumatlary we mysallary getirmek arkaly çykyş etdiler. Çykyş edenlerden Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Halk saz gurallary” kafedrasynyň dosenti, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty M. Gapurowyň “W. Uspenskiý we türkmen saz folklory” atly çykyşy, “Sazyň taryhy” kafedrasynyň müdiri B.Ýakubowanyň “W.Uspenskiniň we W.Belýaýewiň Türkmen sazy kitabynda Mollanepesiň goşgularyna döredilen aýdymlar hakynda” atly çykyşy, şol kafedranyň uly mugallymy R.Muhammedowyň “W.Uspenskiniň Merwiň saz sungaty hakyndaky ylmy garaýyşlary” atly çykyşy bu ýere ýygnanan “Sazşynaslyk” hünärinde bilim alýan talyp ýaşlar üçin has-da täsirli boldy.

Ylmy çykyşlaryň saz hem şekillendiriş sungatlary, dil baýlygy we beýleki ugurlar bilen baglanyşdyrylmagy aýratyn gyzykly boldy. Dürli döwürlerde ýurdumyzda ylmy saparlarda bolan daşary ýurtly raýatlaryň alyp baran işleri, şolaryň arasynda rus saz öwrenijisi W.Uspenskiniň hem önjeýli alyp baran döredijilikli işleri baradaky beýan edilen çykyşlar mazmunlylygy bilen tapawutlandy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen sungatyny ylmy derejede öwrenmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin alym Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyk we hoşallyk sözlerini aýtdylar.



Röwşen ATAÝEW



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazyň taryhy” kafedrasynyň mugallymy