PARAHATÇYLYK SAZY, DOST DOGANLYK SAZY ATLY KONSERT
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Medeniýetimizi sungatymyzy ösdürmekde uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” döwlet ähmiýetli birnäçe dabaralar yzygiderli geçirilip dur.
Şu gün bolsa Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyñ uly zalynda Marynyñ Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniñ “Parahatçylyk sazy, dost doganlyk sazy” atly konserti geçirildi.

Konsertde Bazar Meredowyñ ýolbaşçylygynda Mary welaýatynyñ Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniñ Halk saz gurallary orkestriniň sazandarlyk etmeginde Rejep Rejepowyñ “Ýalñyz ýoda”, “Saña”, “Söýgi aýdymy”, “Ýaşlar tansy”, “Türkmen tansy” hem-de Çary Nurymowyñ “Näzlim uz maña”, Waleriý Zubkowyñ “Heñ” Mikael Tariwerdiýewiñ “Ýaşajyk şazada” atly eserlerini ýerine ýetirildi. Çärede Mähri Gurbanowa, Aýmährem Akadowa, Selim Jumaýew ussatlyk bilen çykyş etdiler. Konsert diýseñ gyzykly, tomaşaçylaryň el çarpyşmalary bilen dowam etdi.
Bu ajaýyp konsertiň ýapylyş dabarasynda bolsa ata Watanmyza medeniýet we sungatymyzyñ gülläp ösmegine giñ ýol açýan, türkmen halky üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyñ, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ janlarynyñ sag, belent başlarynyñ aman bolmagyny, tutýan tutumly işleriniñ elmydama rowaç almagyny arzuw edip “Arkadag Serdarym” aýdymy bilen şowhunly dabara bilen tamamlandy.