WAGYZ NESIHAT ÇÄRESI
Aşgabat şäherindäki A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki Türkmen-rus orta mekdebinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölümi we A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki Türkmen-rus orta mekdebi bilen bilelikde mekdep okuwçylarynyň arasynda Türkmeniň milli gymmatlyklarynyň biri bolan gamyş gulak bedew atlarymyza bagyşlap «Altyn jygaly bedew» ady bilen wagyz nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş eden hünärmenler, il halkymyza hemişe ýaran bolan behişdi bedewlerimiz taryhda durnukly ösüşde hem-de öz ornuňy berkitmekde derwaýys bolan iň gowy häsiýetleriň we merdanalagyň nusgasydygy barada gyzykly gürrüňler berdiler.Çäräň dowamynda mekdep okuwçylaryň beren gyzykly sowallaryna peýdaly jogaplar aldylar. Şu çäräniň ahyrynda işjeň gatnaşanlar, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.