GÖÇME KITAP SERGISI
Aşgabat şäherindäki A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki Türkmen-rus orta mekdebinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölümi «Bedewim bar ganatym bar» ady bilen göçme kitap sergisi gurnady. Sergiň dowamynda Kitaba bolan söýgilerini we gyzyklanmalaryny artdyrmak maksady bilen olara kitaphanalar we kitap okamagyň peýdasy hakynda wagyz-nesihatlar edildi.