PARAHATÇYLYK DOST-DOGANLYGYŇ ÝÖRELGESI


PARAHATÇYLYK DOST-DOGANLYGYŇ ÝÖRELGESI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli «Parahatçylyk dost-doganlygyň ýörelgesi» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny uly dabaralar bilen belleniljekdigi, ata Watanymyzyň ösüşleri, özgerişleri, berkarar Watanymyzyň beýik geljeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygyny, Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga, beýleki döwletler bilen birek-birege ynanyşmak we hormat goýmak ýörelgelerini has-da dabaralanýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halky ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän asylly ýol-ýörelgelerimize, hoşniýetli gatnaşyklara eýerip, düýäde parahatçylygy, ynanyşmagy, abadançylygy pugtalandyrmak ugrunda uly tagallalaryň edilýändigi barada belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda Watanymyzy gülledip, halkymyzy ösüşlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.