EZIZ DIÝAR ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR


EZIZ DIÝAR ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen, Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýiniň bilelikde guramagynda «Eziz diýar ösüşlere beslenýär» ady bilen wagyz–nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler asuda, abadan döwletimiziň beýik ösüşleri, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz has-da ösüşlere beslenip, halkara derejesinde belent abraýa eýe bolýandygy, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda türkmen halkynyň hoşniýetlilik ýörelgeleriniň has-da dabaralanmagyna giň ýol açylandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmekde biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly iň gymmatly düşünjeler bolup, ol häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýändigi barada gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda beýik ösüşler bilen dünýä meşhur edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentmiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.