KITAPHANAMYZA TALYP ÝAŞLARYŇ GEZELENJI
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň gatnaşmagynda Türkmen Milli däp-dessurlary, edim-gylymlary hem-de çeper edebiýaty bilen tanyşdyrmak maksady bilen gezelenç geçirdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmeni äleme tanadan, dünýä ylmyna we medeniýetine ägirt uly goşant goşan alymlaryň, ýazyjylaryň şahyrlaryň eserlerini öwrenmek hem-de okyjylar köpçüligine ýetirmek üçin ähli şertler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda hem ajaýyp ýurdumyzda kitap, neşirýat, kitaphana işleri döwrebap ösdürilýär. Şeýle bolansoň, ýaşlaryň, talyplaryň arasynda kitaba bolan söýgi, hormat barha artýar. Ýaşlaryň arasynda kitaby wagyz etmekde kitaphanalaryň işi hem uly ähmiýete eýedir. Kitaphananyň işgärleri kitaphananyň işiginden gelýän her bir okyjyny güler ýüz bilen garşylap, olara öz gözleýän eserlerini, gollanmalaryny tapmaklarynda, zerur bolan maglumatlary tapmaklarynda ýakyndan ýardam edýärler.
Gezelenjiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň nurana geljegi, bagtyýar durmuşy hakynda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri beýan edildi.