DEGIRMENLERIŇ TÜRKMEN DURMUŞYNDAKY ORNY
XIX asyryň ikinji ýarymyndan XX asyryň ortalaryna çenli döwürde el degirmenleri türkmen durmuşynda örän möhüm we arzyly öý goşy bolupdyr. Ilat degirmeni arassa ýerde saklap, aýap, “ýedi hazynanyň” biri hasaplap, dürli tärler bilen gözden, beladan gorapdyr. El degirmenlerini arassa ýerde saklap, üstüni saçak ýa-da kendirik, ýa-da arassa mata bilen örtük edipdirler. Sebäbi degirmen tamdyr, ojak, guýy, köpri, juwaz jykyr ýaly zatlar bilen bir hatarda mukaddes hasaplanypdyr. “Ir turan işinden dynar” diýlip, hojalyklarda degirmen aýlamaga gün dogmanka başlar ekenler. Halk arasynda “Säherde un üweseň, erenler, perişdeler kömek berýärmişler” diýen ynanç hem bolupdyr. Ýurdumyzyň kä welaýatlarynda gudaçylyga gelenlerinde degşip: “Bizä degirmençi dilemäge geldik” diýer ekenler. Ene-ata razy bolsa: “Geregiňiz bir degirmençi bolsa, bereris, razy bolmasa:”Artykmaç degirmençimiz, un üweýänçimiz ýok, eger el degirmeni gerek bolsa, hanha gapyda bardyr, äkidiberiň”-diýermişler.
Kişiniň el degirmeninde ununy üwemek üçin agşam ýa-da günortan-eýesine derkar däl wagty barlar ekeni. Gaty giç barmaklyk gelşiksiz hasaplanylypdyr. Bardy-geldi başga biri degirmende işläp duran bolsa, täze baran adam bir käse bugdaý goýup gaýdaýmaly ekeni. Ol öýüne gelip öz işlerini bitirip, goňşy bilen habarlaşyp, täzeden gider eken. Un üwemek üçin başga biriniň degirmenine ýakyn goňşy ýa-da garyndaşlar bilen bararmyş. Müňýyllyklaryň dowamynda türkmen hojalygynda el degirmenleriniň iki görnüşi ulanylyp gelnipdir. Biz olary özümizçe sada ýa-da göçme el degirmenleri we “ymykly bir ýere oturdylan” el degirmenleri diýip atlandyrsak ýalňyşmarys. Gürrüňi edilen döwürde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde diýen ýaly sada, göçme degirmenleri köp ulanylypdyr. Suw meselesi zerarly suw degirmenleriniň bolmadyk ýerlerinde-Lebapda, Daşoguzda we Maryda “ymykly bir ýere oturdylan” el degirmenler hem ulanylypdyr. Sada görnüşli degirmenler iki sany degirmen daşyndan ybarat bolup, islendik arassa we tekiz ýerde ýagny degirmen daşynyň aşagynda goýulýan ýörite ýasalan sekisi bolup, onuň öň tarapynda bolsa, tamdyryň körügine meňzeş kiçijik deşigi bolan we sekiniň üstüne üwelen un dagap gitmez ýaly, palçykdan pessejik haýat edilip, onuň içine üýşen uny bolsa gaplara syryp almak üçin edilen zadyň üstünde ýerleşdirilip ulanylypdyr. Degirmeniň aşaky we üstki daşlaryna “paý” diýlipdir, käbir ýerlerde üstki paýa “üstünlik”, aşaky paýa “astynlyk” hem diýlipdir. Degirmen daşlarynyň aşaky paýynyň ortasyndan deşik edilip, ondan hem togalak agaç geçirilipdir. Görnüş taýdan togalaklygyna, topa meňzeşligine görä hem oňa “top, topaz” diýlipdir. Degirmeniň ýokarky daşynyň ortasyndan bugdaý guýmak üçin deşik edilipdir, ol deşige “dol” diýlipdir. Şol doluň içine bolsa keseligine ortasy deşik agaç goýlupdyr, ol agaja “tegek”, ”pilek” kä ýerlerde “jykyryk” diýlipdir. Tegek dänäni kadaly guýmak üçin ulanylypdyr. Halk arasynda ulanylan “Bogaza tegek bolan ýaly” diýen aýtgy hem şu ýerdendir.
El degirmenlerinde ”süýbek” atly örän möhüm gural bolupdyr. Onuň aşagy aşaky daşyň deşigindäki top agajyna direlipdir, ýokarsy tegegiň ortasyndaky deşige geýdirilipdir. Şeýlelikde, ýokarky daş tegege geýdirilen süýbegiň daşyndan aýlanýan bolupdyr. Süýbegiň uzynlygyna, berkligine we çeýeligine köp zat bagly bolupdyr. Üwelýän bugdaýy iri etjek bolsaň (aýdaly ýarma etjek bolsaň) süýbegiň kömegi bilen tegegi ýokary galdyraýmaly ekeni. Bu ýagdaý ýokarky daş bilen aşaky daşyň aralygynyň az-kem açylmagyna getirýär. Ýokarky daşyň bir gapdalynda tutawaç edilip, şonuň kömegi bilen daş aşaky daşyň üstünde aýlanýar. El degirmenleriniň özeni, mazmuny we tutuş sudury iki sany degirmen daşyndan ybaratdyr. El degirmeniniň iş öndürijiligi, işlemek üçin amatlylygy, birinji nobatda, onuň ýasalan daşyna, soň ony ýasan ussanyň ussatlygyna, siňdiren zähmetine bagly bolupdyr. Elbet-de, iň soňunda, onuň öndürijiligi onda işleýän zenanyň güýç-kuwwatyna we yhlasyna bagly bolupdyr. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli mirasy ýadygärlikleri biziň şu günlerimize-de ýetip gelmek we olary çuňňur öwrenmek we halka ýetirmek bilen Garaşsyzlyk ýyllaryndan başlap, täzeden röwüş alyp külli türkmen halkynyň ýüreklerinde baky orun tutdy. Milli mirasymyzyň öwüşgünlerini şöhlelendirmekde, ata-babalarymyzyň döreden bu gymmatlyklarynyň üstünden ençe asyr geçse-de ýitmän biziň şu günlerimize gelip ýetipdir.