TÜRKMEN ÝAPON DOSTLUGY ÖSÜŞIŇ TÄZE DEREJESINE ÇYKÝAR
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Köpetdag etrap geňeşligi bilen bilelikde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş muzeýinde talyp ýaşlaryň arasynda «Türkmen Ýapon dostlugy täze derejesine çykýar» atly söhbetdeşlik çäresini geçirdi. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda» asuda watanymyzyň abraýy has-da belende galýar. 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 13-15-i aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisine, Türkmenistanyň milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşmagy hem-de Döwlet baştutanymyza Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň filosofiýa ylymlarynyň hormatly doktory alymlyk derejesiniň berilmegi her bir raýatymyz üçin begendiriji waka boldy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda gelejegimiz bolan ýaşlar asuda-parahat döwleti döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.
