KAFEDRA HEPDELIGINDE OKUW-USULY MASLAHAT
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda okuw ýylynyň dowamynda kafedralaryň hepdeliklerini gurnamak we işjeň geçirmek däbe öwrüldi. «Sazyň nazaryýeti» kafedra hepdeliginiň açylyşy Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde geçirilen okuw-usuly maslahat bilen başlady. Oňa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazyň nazaryýeti» kafedrasynyň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň şeýle hem, Arkadag şäher Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebiniň «Sazyň taryhy we nazaryýeti» bölümleriniň mugallymlary we talyp ýaşlary bilen bilelikde geçirildi.
Okuw-usuly maslahatynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň direktorynyň orunbasary S.Baýramow giriş sözi bilen başlady. Soňra Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazyň nazaryýeti» kafedrasynyň müdiri Ş.Annaglyjowanyň çykyşynyň dowamynda ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň bilim boýunça özara hyzmatdaşlygyny üpjün etmek hakynda we onuň ýerine ýetirilişi barada giňişleýin belläp geçdi we «Ýyllyk işlerini ýazmagyň talaplary we usullary» atly tema bilen çykyş etmek üçin «Sazyň nazaryýeti» kafedrasynyň uly mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Z.Jumagulyýewa söz berdi. Halypa mugallym birnäçe ýyllyk iş tejribesini ulanyp, mugallymlar we talyp ýaşlar üçin ýyllyk we ylmy işleriň ýazylyş usullaryny, düzgünlerini we ýüze çykýan meseleler barada prezentasiýasynyň üsti bilen görkezdi. «Sazyň nazaryýeti» kafedrasynyň dosenti, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Ý.Osipowanyň «Solfejio» we «Garmoniýa» derslerini okatmakda usuly görkezmeler temasy boýunça çykyşynyň dowamynda solfejio we garmoniýa dersine degişli soraglara usuly görkezmelerini berdi.

Soňra Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň «Sazyň taryhy we nazaryýeti» bölüminiň müdiri E.Öweniýazowa öz talyplary bilen saz nazaryýet derslerini okatmakda ýüze çykýan kynçylyklaryň üstünde işlemegiň usullaryny görkezdi. «Garmoniýa» dersi boýunça talyplary okatmakda öz işimde peýdalanýan mugallymçylyk usullarym» atly temasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň «Sazyň taryhy we nazaryýeti» bölüminiň halypa mugallymy L.Amanowa çykyş etdi.
Okuw-usuly maslahatyň dowamynda gatnaşyjylaryň pikirleri şeýle hem teklipleri diňlenildi.
Soňra maslahaty jemlemek üçin Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň «Sazyň taryhy we nazaryýeti» bölüminiň müdiri S.Baýryýewa çykyş etdi. «Sazyň nazaryýeti» hepdeliginde geçirilen okuw-usuly maslahatyň dowamyndaky çykyşlar we sorag-jogaplar mugallymlar we talyp ýaşlar üçin gymmatly maslahat bolar diýip belläp geçdi.