«Bitaraplyk bagtyýar halkymyzyň buýsanjy»


«Bitaraplyk bagtyýar halkymyzyň buýsanjy»



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli 136-njy orta mekdepde «Bitaraplyk bagtyýar halkymyzyň buýsanjy» ady bilen wagyz-nesihat çäresini geçirdi.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň kökleri halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhyndan gözbaş alýar. Bitaraplyk syýasaty dünýäde parahatçylykly ýol bilen bagtyýar geljege sary ynamly öňe gitmekdir. Halkymyzyň milli özboluşlylygy bolan ynsanperwerlik ýoly Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynda öz beýanyny tapýar diýip dabarada çykyş edenler aýtdylar.
Mundan başgada çärä gatnaşanlar Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmak bilen, halkara gatnaşyklarynda hem ähli ugurlar boýunça deň hukukly hyzmatdaşlyklary ýola goýýandygy şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýetilen belent sepgitler barada giňişleýin gürrüň berdiler.