KITAP GELJEGIŇ AÇARY


KITAP GELJEGIŇ AÇARY

Türkmen halky gadymdan bäri kitaba gadyr-gymmat goýan halk, hat-da köşekli düýäni bir kitaba çalşyp okan halk. Bu bolsa olaryň kitabyň adam üçin iň ýakyn dost hem maslahatçysy bolandygyny aňladýar. Türkmen halkynyň kitaba goýýan hormatynyň, öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygyna, ata-babalarymyzyň geçmişde öz nesillerini kitaplarda öňe sürülýän gymmatlyklaryň üsti bilen terbiýeländigine taryhy maglumatlar şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” tassyklanyldy. Bu maksatnama laýyklykda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň işgärleri öňlerinde goýulan jogapkärli wezipelere aýdyň düşinip bildirilen uly ynamdan ruhlanyp ýaşlarda kitaba bolan söýgüni artdyrmak , göçme kitap sergilerini gurmak, döredijilik söhbetdeşlikleri, maslahatlary, wagyz nesihat işlerini geçirmek esasy wezipeleriniň biridir. Ertekä çalymdaş zamanamyzda hyjuwly işlemäge, okamaga we öwrenmäge döredilýän ähli mümkünçilikler üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il ýurt bähbitli beýik işleri uly üstünlikleri, belent sepgitleri arzuw edýäris!