KITAP – DÜNÝÄ HALKLARYNY DOSTLAŞDYRÝAR


KITAP – DÜNÝÄ HALKLARYNY DOSTLAŞDYRÝAR

Aşgabat şäheriniň 116-njy orta mekdebinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi, “Kitap – dünýä halklaryny dostlaşdyrýar” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän eserleriniň halklaryň dürli dillerine terjime edilendigi, bu bolsa dünýä halklaryny dostlaşdyrýandygy barada çykyş edildi. Ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň öz ýurdumyzyň taryhyny, beýik şahsyýetlerini, nusgawy şahyrlaryny, görnükli alymlaryny, medeniýetini, sungatyny ylym-bilim babatynda öwrenmeklik bilen çäklenmän, eýsem dünýä halklarynyň taryhyny, medeniýetini öwrenmeklik her bir adamynyň dünýä garaýşyny özgertdýändigini aňladýar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny dünýä derejesinde ösdürýändigi hökmünde ata Watanmyzyň halkara abraýyny belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.