WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň, Döwlet kitaphanasynyň bilelikde guramagynda Merkeziň işgärleriniň arasynda zähmet gatnaşyklaryny kanuna laýyk düzgünleşdirmek, iş ýerlerinde ýüze çykýan meseleler we olary oňyn çözmek,edarada zähmet tertip-düzgün kadalaryny hem-de tehniki howpsuzlyk kadalaryny dogry berjaý etmek barada wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesi barha ýokarlanýar.Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen türkmen halkynyň asuda,parahat,agzybir,abadan,bagtyýar,bol-elin ýaşaýşyny gazanmaklygyny, zähmeti goramak,zähmet tertip-düzgün kadalaryny dogry berjaý etmek,iş ýerlerinde ýüze çykýan meseleler we olary oňyn çözmeklik barada giňişleýin gürrüň etdiler.
Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak,alyp barýan ýurt bähbitli işlerinde rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw etdiler.