BEHIŞDI BEDEWIM-ŞÖHRATYM ŞANYM


BEHIŞDI BEDEWIM-ŞÖHRATYM ŞANYM

Türkmen halky däp boýunça her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen Bedewiniň Milli baýramyny uly dabara bilen belleýär. Bu baýramçylyga bagyşlanan çäreler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde giňden bellenilip, dürli dabaralaryň geçirilmegi birnäçe günläp dowam edýär. Halkymyzyň bu söýgüli baýramçylygynda ylmy maslahatlar, ýurdumyzyň görnükli atşynaslary we seýisleri bilen duşuşyklar, spektakllar, konsertler we elbetde, at sport bäsleşikleri geçirilýär. Biziň Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanamyzda hem “Behişdi bedewim-şöhratym şanym” atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistan ýurdumyzy ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, halkyň bagtyýarlygy ugrunda alyp barýan her bir işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.