DÖREDIJILIK KONSERTI


DÖREDIJILIK KONSERTI

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň uçurumlarynyň döredijilik konserti geçirildi.

Konsert “Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň uçurumlarynyň ýerine ýetiren ajaýyp sazlary bilen başlady. Ilki bilen wenger kompozitory Ferens Listiň № 2-nji “Wenger rapsodiýasyny” Öwez Hudaýgulyýew ýerine ýetirdi. Soňra bolsa Hanow Seýitmuhammediň dutar saz guralynda Türkmen halk sazy “At çapary” ýerine ýetirmegi diňleýjilere ruhy lezzet paýlady.

Döredijilik konserti “Bagşyçylyk sungaty” bölüminiň talyplarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Ogulgerek Baýryýewanyň ýerine ýetirmeginde “Salamymny” atly Türkmen halk aýdymy ýaňlandy. “Serwi agajy” atly Türkmen halk aýdymyny Serdar Ýagmyrow üýtgeşik äheň bilen ýerine ýetirdi. Olaryň ýerine ýetiren Türkmen halk aýdymlary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

“Kirişli saz gurallar” bölüminden bolsa Jennet Ataýewanyň P. I. Çaýkowskiniň “Skerso”, Umitjan Toraýewiň G. Wenýawskiýniň “Kapris” we Ýunus Ibragimowyň G. Foreniň “Elegiýa” sazlaryny ýerinne ýetirmegi döredijilik konsertine üýtgeşik öwüşgin berdi. Konsertiň dowamynda “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminden Aýnur Agaýewa Ç. Nurymowyň “Pastoral”, Azat Täçmuhammedow S. Rahmaninowyň “Wokaliz” atly eserini üýtgeşik äheň bilen ýerine ýetirdiler.

Konsertiň soňunda “Aýdym aýtmak sungaty” we “Fortepiano” bölümleriniň talyplarynyň, Rejepmurat Kakamyradowyň ýerine ýetiren N. Muhatowyň “Keýmir kör” operasyndan Keýmir köriň ariýasy, Aýna Pirnäýewanyň B. Hudaýnazarowyň “Tokkata” eseri konserti şatlyk-şowhun bilen jemledi.

Şeýle ajaýyp konsertleriň, saz festiwallaryň, bäsleşikleriň yzygiderli geçirilip durmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.



Altyn ÝANGYÝEWA



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 3-nji ýyl talyby