HALKARA AHALTEKE ATÇYLYK ASSOSIASIÝASYNYŇ XV MEJLISI
23-nji aprelda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyňXV mejlisi geçirildi. Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilen çärä Türkmenistanyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary, assosiasiýanyň agzalary, ýurdumyzdan we daşary döwletlerden atşynaslar gatnaşdylar.
Gözelligiň we kämilligiň naýbaşy nusgasy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewi Türkmenistanyň täze taryhy döwürdäki okgunly ösüşleriniň nyşanydyr. Ahalteke bedewlerine uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde milli atçylyk däplerini gorap saklamak hem-de ony üstünlikli dowam etdirmek, atçylyk sportuny ösdürmek, dünýäde wagyz etmek üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan dabaralar hem toplumlaýyn häsiýeti bilen tapawutlanýar. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň geçirilmegi asylly däbe öwrülen mejlisleri hem munuň şeýlediginiň aýdyň güwäsidir.
Ahalteke atlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamak, olaryň baş sanyny artdyrmak boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklar täze many-mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2010-njy ýylda döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna möhüm orun degişlidir. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçýän şu ýylyň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly senesi bilen bir hatarda, assosiasiýanyň ýubileý mejlisi bilen hem gabat gelmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrýar.
«Türkmenistan» gazeti