PARAHATLYK HEM YNANYŞMAK ŞYGARYM, BEDEW BATLY ÖŇE BARÝAR DIÝARYM
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlap “Parahatlyk hem ynanyşmak şygarym, bedew batly öňe barýar Diýarym” ady bilen aýdym-sazly döredijilik duşuşygyny geçirdi.
Çärämiziň başynda kitaphana hünärmeni türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen bedewlerimiziň synmaz şöhratynyň dünýäniň çar künjüne ýaýran waspy barada täsirli gürrüňleri berdi. Halypa mugallymlar we talyp ýaşlar hem öz çykyşlarynda ýurdumyzda milli atçylyk sungatyny gorap saklamak, öwrenmek we ösdürmek, ýaş nesilleri atçylyk sportuna höweslendirmek boýunça durmuşa geçirilýän beýik işler hakynda buýsançly gürrüňleri berdiler. Kitaphanamyzyň baý kitap gaznasyndan milli bedewlerimize bagyşlanylyp gurnalan göçme kitap sergimiz talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy.
Çärämiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek we milli atşynaslyk däplerimizi dünýä ýaýmak boýunça ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize alkyşlaryny beýan etdiler.
