BEHIŞDI BEDEWLERIMIZIŇ ŞANYNA


BEHIŞDI BEDEWLERIMIZIŇ ŞANYNA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, türkmen bedewleriniň dünýädäki şan-şöhraty has-da artýar. Agzybir halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen ahalteke atlary halkara atçylyk sport ýaryşlarynyň we ählihalk dabaralarynyň bezegidir. Gözel paýtagtymyzda hem-de welaýatlarymyzda halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy, ýurdumyzda atçylyk sportuna uly üns berilmegi, at üstünde ýerine ýetirilýän milli oýunlaryň yzygiderli kämilleşdirilmegi bu pudagyň has-da ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki döwürde taryhda asman atlaryna deňelen ahalteke bеdеwlеrimiziň at-abraýy dünýä ýaýylýar. Türkmеn halky atyny uçar ganaty, wepaly dosty, gardaşy, bahasyna ýеtip bоlmajak gymmatly baýlygy hasaplaýar. Ata tükeniksiz hоrmat bilеn garap, mähir-yhlasyny siňdirýär. Bеýik buýsanjymyza öwrülеn ahaltеkе bеdеwlеri ähli döwürlеrdе türkmеniň myrady, durmuş hemrasy bоlupdyr. Milletimiziň şöhratly taryhyna nazar aýlasak, mеrdana halkymyzyň belent ýeňişlere eýе bоlmagynda bеdеw atlaryň оrnunyň uçursyz uludygyna göz ýetirýärsiň. Kalby bedewe bolan çyn söýgä ýugrulan halkymyz: «Atdyr ýigidiň ganaty», «At ýaryşda, är söweşde», «At — ýigidiň ýoldaşy», «Irden tur-da ataňy gör, ataňdan soň — atyňy» diýilýän nakyllardyr pähimli sözleri döredipdir. Ata-babalarymyz sеýisçilik sungatynyň inçe syrlaryny nеsillеrdеn-nеsillеrе geçirip kämil dеrеjä ýеtiripdirler. Ussat seýisleriň yhlasy siňen ahaltеkе bеdеwlеri gaýtalanmajak täsin gözеlligiň hem ýyndamlygyň nusgasydyr. Meşhur Göroglynyň Gyraty halkymyzyň seýisçilik sungatynyň dabaralanmasydyr. Gelin-gyzlarymyz halydan «arkalyk» dokap, at arkasyny bezän bolsalar, zergärlerimiz bedewlerimizi altyn-kümüş şaý-sepleri bilen bezäpdirler.

Gahryman Arkadagymyzyň «Gadamy batly bedew» atly kitabynda: Ata kesbi ogla, Watan mukaddesligi ile geçýär.

Dünýäniň müň bir gözelliginiň nuruny kalbyňa eçilýän bedewler bilen geçirilýän pursatlarda wagtyň hökümi başgaça bolýar. Şol mahal goýazylygyň, gor-gurbatyň janyňa ornap, aýdyň maksatlara sary beýgelýärsiň. Adaty bolmadyk güýji, kalbyňa ornaýan düşündirip bolmaýan telwasy duýýarsyň. Şol sebäpli-de türkmen üçin sähel maý bolan pursadyny bedewler bilen geçirmek ýagşy adatdyr. Iň gowy päl-niýetiň olar bilen didarlaşyp, başyny tutsaň, şowlulyk getirjekdigi bolsa, gursagymyza guýlan durmuş hakykatydyr.» diýip, parasatlylyk bilen belleýşi ýaly, halkymyzyň durmuşynda bedewler hemişe uly orun eýeläpdir.

Türkmeniň ýelden ýüwrük dal bedewleriniň waspy indi ençeme asyrlar bäri dilleriň senasyna öwrüldi. Nusgawy edebiýatymyzda, halk döredijiligimizde, aýdym-saz sungatymyzda tarypy ýetirilen bedewler tomaşaly toýlarymyzyň bezegi bolmak bilen, seýkin basyp ýöreýşi, eýesine wepaly häsiýetleri bilen dünýä halklaryny haýran galdyrýar.

«Aty baryň-ganaty bar» diýen pähimden ugur alýan halkymyz bedew atyny özüniň iň wepaly dosty hasaplapdyr. Merdana pederlerimiziň buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri irki döwürlerden bäri ýigidiň belent maksadyna ýetmeginde uçar ganaty bolupdyr. Gahryman Arkadagymyzyň bedew atlarymyza bagyşlanan dürdäne eserlerinde milli seýisçilik ýolunyň aýratynlyklary hakynda giňişleýin beýan edilýär. Milli Liderimiziň ajaýyp kitaplary bedew atlarymyza bolan mähir-söýgüni has-da artdyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň behişdi bedewlerimize bolan belent söýgüsiniň netijesinde ahalteke atlaryny köpeltmäge, atçylyk sporty boýunça bäsleşikleri geçirmäge ýurdumyzda ähli şertler döredilýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzdaky bina edilen, atşynaslyk sungatyny ösdürmekde ähli mümkinçilikler, şertler döredilen atçylyk sport toplumynda at çapyşyklary, atçylyk sportuna dahylly beýleki bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Munuň özi geljegimiziň has-da röwşen, nesillerimiziň beden hem ruhy taýdan has sagdyn bolmagynda uly orun eýeleýär.

Häzirki döwürde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarymyzda gurlan döwrebap atçylyk sport toplumlarynda türkmen halkynyň gadymy atçylyk däplerini we atşynaslyk sungatyny kämilleşdirmäge gönükdirilen iri möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän atçylyk sport toplumlary diňe bir atçylygy ösdürmän, eýsem, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň jemgyýetimize pugta ornaşdyrylmagyna oňyn şertleri döredýär.

Merdana pederlerimizden miras galan bedewlerimiz dabaraly toýlarymyzyň bezegi hem halkymyzyň ruhy syrdaşydyr. Häzirki döwürde behişdi bedewlerimiziň baş sanyny artdyrmak, atçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek, milli atçylyk sportunyň gadymy däplerini üstünlikli dowam etmek babatda alnyp barylýan işler örän netijelidir.

Ýurdumyzyň atşynaslarynyň, seýisleriniň, çapyksuwarlarynyň netijeli zähmet çekmekleri, atçylyk pudagyny ösdürmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän halkara maslahatlary, sergileri, bäsleşikleri, at çapyşyklary behişdi bedewlerimize goýulýan hormat-sarpany has-da belende göterýär.

Golaýda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň, «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynyň, türkmen tebigatynyň läle-reýhanlyga, sähra-düzlerimiziň ýaşyl begrese, gül-güläleklere beslenýän bahar paslynda, eziz Watanymyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bilelikde yglan eden «Waspyň sena boldy dillere bedew!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemini jemlemek dabarasy we sergi guraldy. Bu döredijilik bäsleşigi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda» Kararyna laýyklykda, türkmen halkynyň behişdi bedewlerini wasp edýän iň gowy makalalary, hekaýalary, goşgulary, poemalary döretmek, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynda türkmen bedewleriniň şöhratly taryhy barada aýdýan parasatly pikirlerini giňden wagyz etmek, her ýylyň aprel aýynda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyny dabaralandyrmak maksady bilen geçirildi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilen bu bäsleşige ýurdumyzyň döredijilik işgärleri hem-de döredijilik bilen meşgullanýan raýatlary ýazan makalalary, goşgulary, hekaýalary bilen işeňňir gatnaşdylar. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden «Waspyň sena boldy dillere, bedew!» atly bäsleşiginiň jemleri dabaraly jemlenip, ýeňijiler Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.



Ogulgurban GAŞLAKOWA



Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni.