«Bitaraplygyň waspy»


«Bitaraplygyň waspy»



Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sergi binasynda Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýy mynasybetli «Bitaraplygyň waspy» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlige «Garagum» žurnalynyň, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň we Döwlet kitaphanasynyň işgärleri gatnaşmak bilen «Türkmenistan- Bitaraplygyň mekany» ýylymyzyň şanly wakalary dogrusynda, şanly Bitaraplygymyzyň 25-ýyllygy mynasybetli özleriniň alyp barýan işleri barada giňişleýin söhbet etdiler.
Söhbetdeşlikde mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip halkara derejesinde uly abraý gazanylandygy barada belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, döwletimiziň at abraýyny, şan-şöhradyny has-da belende göterýän il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.