ARKADAGYŇ DÜNÝÄ BEREN SUNGATY, BEDEWLER TÜRKMENIŇ UÇAR GANATY
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bilelikde guramagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Arkadagyň dünýä beren sungaty, bedewler türkmeniň uçar ganaty» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler öz göbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan, milli gymmatlyklarymyzyň biri ahalteke bedewlerine uly sarpa goýulýandygy, ata-babalarymyzyň uly yhlasy, zehini bilen ýetişdirilen ahalteke bedewlerimiziň öz gözelligi, ýyndamlygy we ajaýyplygy bilen dünýä derejesindäki at-abraýynyň has hem belende galandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de diýarymyzda milli atşynaslyk sungatyny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigi, şeýle-de bu gymmatlyklarymyza goýulýan sarpanyň ýaş nesillerde, çäksiz buýsanç duýgusyny döredýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.