UMUMY GELJEGIŇ BÄHBIDINE NETIJELI DÖWLETARA WE SEBIT HYZMATDAŞLYGY ILERLEDILÝÄR


UMUMY GELJEGIŇ BÄHBIDINE NETIJELI DÖWLETARA WE SEBIT HYZMATDAŞLYGY ILERLEDILÝÄR

Gahryman Arkadagymyzyň Özbegistan Respublikasyna dostlukly sapary

23-24-nji aprelda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna iki günlük dostlukly sapary amala aşyrdy.

Häzirki wagtda Türkmenistan we Özbegistan diňe bir özara bähbitlere däl, eýsem, tutuş sebitiň abadançylygynyň, rowaçlygynyň maksatlaryna hem laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň goňşy döwlete şu gezekki saparynyň netijeleri, şeýle hem Özbegistanyň Baştutany bilen geçirilen gepleşikler bar bolan uly mümkinçiliklerden has doly peýdalanmagy nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam eder.

...Iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Samarkant şäheriniň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Prezident Şawkat Mirziýoýew garşylady. Bu ýerde düşelen haly ýodajygyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler. Myhmansöýerligiň asylly däplerine eýerilip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hormat-sarpa bildirildi. Gahryman Arkadagymyzyň we Özbek Lideriniň bilelikdäki awtoulag kerweni Samarkant şäheriniň Hazrati Hizir taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyna ugrady.

Mälim bolşy ýaly, Samarkant Gündogaryň gadymy däplerini we häzirki döwrüň ýörelgelerini özünde jemleýär. Gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen bu şäheriň binagärlik we arheologik ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň we Özbegistanyň çäklerinden hem geçen bu meşhur ýol asyrlaryň dowamynda Aziýa bilen Ýewropanyň, Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orny eýeläpdir. Şunuň bilen birlikde, Beýik Ýüpek ýoly döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň, halklaryň medeniýetleriniň özara baýlaşmagy üçin köpri bolup hyzmat etdi.

«Türkmenistan» gazeti